Gümrük habarlary

«Ozon zaýalaýjy maddalary dolanyşygyna gözegçilik etmek» atly okuw çäresi
9 Few
«Ozon zaýalaýjy maddalary dolanyşygyna gözegçilik etmek» atly okuw çäresi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyň ýanyndaky Okuw merkezinde «Ozon zaýalaýjy maddalary dolanyşygyna gözegçilik etmek» atly okuw çäresi. Bu okuw Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guraldy. Oňa hünäre taýýarlyk okuwyny geçýän Gullugymyza kabul edilen ýaş hünärmenler hem-de Okuw merkeziň şahsy düzümi gatnaşdy.



Häzirki zamanyň şertlerinde köp sanly himiki maddalar ýaly, ozon zaýalaýjy maddalar hem senagat, oba hojalyk sarp edijiligini kanagatlandyrmak maksady bilen her gün dünýä bazaryna çykarylýar. Beýleki himiki maddalardan tapawutlylykda ozon zaýalaýjy maddalar atmosfera düşen halatynda Ýeriň ozon gatlagyny zaýalaýar. Şol sebäpden bu maddalaryň söwdasy berk gözegçilikde saklanýar. Gözegçilik halkara şertnamasy bolan Monreal Teswirnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Sapagyň dowamynda şular dogrusynda gymmatly maglumatlar berildi.





Gümrük edaralary serhetden geçýän harytlara gözegçiligi amala aşyrmak bilen ozon zaýalaýjy maddalaryň bikanun söwdasyna garşy hereketlere öz saldamly goşandyny goşýar. Ozon zaýalaýjy maddalaryň bikanun söwdasyna garşy göreşi amala aşyrmak üçin gümrükçileriň bu ugurda taýýarlykly bolmagy möhüm bolup durýar.



Okuw çäresiniň tamamlanmagy bilen oňa gatnaşyjylara güwänamalar gowşuryldy.