Gümrük habarlary

«Gümrük töleglerini bellemegiň meseleleri we onuň hukuk esaslary» atly pudagara okuw-maslahaty
15 Iýun
«Gümrük töleglerini bellemegiň meseleleri we onuň hukuk esaslary» atly pudagara okuw-maslahaty

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda «Gümrük töleglerini bellemegiň meseleleri we onuň hukuk esaslary» atly pudagara okuw-maslahaty geçirildi. Maslahat Gullugyň gümrük tölegleri bölümi tarapyndan tassyklanan ylmy işleriň meýilnamasyna laýyklykda taýýarlandy.

Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň şahsy düzümi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden, Adalat ministrliginden, jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller hem-de telekeçiler gatnaşdy. 

Okuw-maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň birnäçesi çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda gümrük tölegleriniň hukuk esaslary, gümrük paçlaryny bellemegiň halkara tejribesi, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde sanly ulgamyň ähmiýeti, «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda gümrük töleglerini hasaplamagyň mümkinçilikleri, oba hojalyk önümlerine gümrük töleglerini bellemegiň ähmiýeti barada beýan etdiler.

Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda gümrük töleglerine  gümrük paçlar, salgytlar we gümrük ýygymlary degişli.

Salgytlara harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda töledilip alynmagy Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň üstüne ýüklenilen goşmaça tölegler (aksizler) degişlidir.

Gümrük pajy - Türkmenistanyň çäklerine getirilýän ýa-da onuň çäklerinden alnyp gidilýän harytlar üçin Türkmenistanyň gümrük edaralaryna tölenýän, harytlary getirmegiň ýa-da alyp gitmegiň aýrylmaz şerti bolup durýan gümrük tölegi.

Gümrük paçlary, Türkmenistanyň ýerli önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň öndürýän harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygy babatda bähbitlerini goramak, şeýle-de içerki bazaryň söwda dolanyşygyny sazlaşdyrmak maksady bilen bellenilýär.

Çärä gatnaşyjylar şeýle maslahatlaryň pudagara hyzmatdaşlykda ähmiýetini bellediler.