Gümrük habarlary

Terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy ulgamda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak boýunça maslahat
13 Iýun
Terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy ulgamda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak boýunça maslahat

2019-njy ýylyň 10‒11-nji iýunynda Aşgabatda ÝHHG-niň ýardam bermeginde «Bellenilen maliýe däl kärhanalary we hünärleri pudagynda terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy öňdebaryjy tejribe» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan hem wekil gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda maliýe däl kärhanalaryň we hünärleriň öňüni alyş ornuny ösdürmegiň ýollary, müşderileri içgin gözden geçirmek, şeýle hem  benefisiarlary we syýasy ähmiýetli şahsyýetleriň üstüni açmak, bu ulgamda töwekgelçiligiň derejesini peseltmek ýaly möhüm meselelere seredildi.

Maslahaty Litwadan gelen halkara bilermen alyp bardy. Ol bellenilen maliýe däl kärhanalary we hünärleri pudagynyň üstünden gözegçilik etmeginiň terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy göreşmeklik hökmündäki mehanizmiň wajyplygyny belläp, bu ulgamda netijeli gözegçiligiň esasy görkezijilerini aýdyp geçdi.