Habarlar

Hormatly Prezidentimiz welosipedli we atly gezelenç etdi
4 Few
Hormatly Prezidentimiz welosipedli we atly gezelenç etdi

2019-njy ýylyň 3-nji ferwalynda irden hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi, şeýle hem Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewleri bilen didarlaşdy.

Soňky döwürde ýurdumyzda welosiped sporty işjeň ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde esaslandyrdy. Bu waka Milletler Bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň goldanylýandygynyň hem-de halkara giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz sagdyn-durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolmak bilen, bu babatda ildeşlerimize, ozaly bilen, ýaşlara ajaýyp görelde görkezýär. Ine, bu gezek hem milli Liderimiz sport bilen meşgullanyp, nobatdaky gezek beden taplygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenjini tamamlap, daşky gurşawyň gözelligini, tebigatyň şu ajaýyp künjegini synlady. Bu ýerde döredilen, çäkleri ýylsaýyn giňelýän tokaý zolaklarynda geçirilen işler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport bilen, şol sanda welosiped sporty bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň saglygyny berkidip, onuň işe ukyplylygyny artdyrýar. Welosipedli gezelençler ruhuňy has-da artdyryp, ajaýyp tebigatyň gurşawyna aralaşmaga, daşky dünýäni öwrenmäge, ene topragyň gözel künjeklerini has oňat bilmäge ýardam edýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ahalteke atçylyk toplumyna geldi, fhalteke bedewi işjeň, döredijilikli güýçleriň, ylhamyň, ruhy ýokary göterilişiň hem-de döredijiligiň täze eýýamynyň ruhy joşgunyny özünde jemleýär. Türkmen şahyrlary ähli döwürlerde ata-babalarymyzyň beýik maksatlara ýetmeginde deňsiz-taýsyz kömekçileri bolup, milli buýsanjymyza hem-de tutuş adamzadyň gazanan genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýän ençeme ganatly setirleri döretdiler, halkymyz bolsa olary şu günlere alyp geldi. Behişdi bedew — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz, tutuş adamzadyň baýlygydyr.

Şonuň üçin olaryň «behişdi bedewler» diýip atlandyrylmagy hem tötänden däldir. Ynsan gylykly bedewiň akylly gözleri bilen mähirli garaýşy, onuň mähribanlygy asyrlar aşyp gelýän atşynaslygyň milli däpleriniň netijeli ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz bedewi bilen çapuw ýodasyna çykdy. Ahalteke bedewleriniň özboluşlylygy, olaryň gylyk-häsiýeti çapyksuwardan diňe ussatlygy däl-de, eýsem, atyň duýgularyna düşünmek ukybyny hem talap edýär. Milli Liderimiz at münmegiň ajaýyp endiklerini nobatdaky gezek görkezdi. Döwlet Baştutanymyz atly ýöräp barşyna tebigatyň gözelliklerini synlady.

Ahalteke bedewi täze döwrüň — ylham-joşgun, ruhubelentlik döwrüniň maksatlaryny özünde jemleýän ajaýyp nusga bolup, onuň hereketi ösüşleriň we täze ýeňişleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň okgunly hereketini aňladýar. Bu bolsa «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda beýik işleriň, ýagşy dessurlaryň we nurana arzuwlaryň dabaralanmasyny alamatlandyrýar.

http://www.turkmenistan.gov.tm