Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine Muhammetgeldi Muhammedow
5 Sen
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine Muhammetgeldi Muhammedow

2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Gullugyň başlygynyň orunbasarynyň bellenmegi mynasybetli ýygnak geçirildi. 

Çäräni açyp, Gullugyň başlygy M.Hudaýkulyýew maýor Muhammetgeldi Kakalyýewiç Muhammedowy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek baradaky Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyny ýygnaga gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi. 

M.Muhammedowy gutlap, Gullugyň başlygy gümrük edaralarynyň işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini nygtady hem-de M.Muhammedowa täze wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýygnakda täze bellenen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M.Muhammedow bildirilen ýokary ynam üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly bolup, janyny aýaman ak ýürekden gulluk etjekdigine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik gazananlarynyň, Watanymyzyň milli bähbitleriniň we howpsuzlygynyň goragynda berk durjakdygyna ynandyrdy.