10.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip, Aşgabada iş sapary bilen geldi.
09.04.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, geljek döwür üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.
08.04.2022
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Düýn Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamada berkidilen bu halkara senä gabatlanylyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
07.04.2022
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň wezipe-guramaçylyk meselelerine garaldy, şeýle hem degişli düzümlerde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
06.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen baglanyşykly maslahat geçirdi.
05.04.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy.