01.06.2022
Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň bäş aýynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň alyp baran işleriniň jemlerine garaldy, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.
31.05.2022
Ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek üns merkezinde
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
31.05.2022
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, öňde boljak şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
30.05.2022
Geçen hepdäniň birža söwdalarynda dokma senagatynyň önümleri öňdeligi eýeleýär
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
30.05.2022
Arşyň nepisligi — türkmen halysy
Düýn ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli birnäçe çäreler guraldy.
29.05.2022
Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär
28-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamanyň amala aşyrylyşynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan ilkinji iş maslahatyny geçirdi.