Habarlar
RSS

21.06.2022

WENADA TÜRKMENISTAN - ÝHHG ULAG WE LOGISTIKA ÖSÜŞI ULGAMYNDA TEMA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda Wena şäherinde "Türkmenistan - ÝHHG: transport we logistika ösüş ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlyk" ady bilen onlaýn formatda sebitleýin maslahat geçirildi.

20.06.2022

Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa önümleri öňdeligi eýeleýär

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

19.06.2022

Ahal welaýatynyň täze merkezi toplumlaýyn şähergurluşygyň nusgasydyr

Düýn Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulysy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

19.06.2022

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparlaryny tamamlap, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

19.06.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna toý sapary

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyryp, sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla oragynyň depginleri, senagat-önümçilik toplumdaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

18.06.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna toý sapary

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda döwlet Baştutanymyz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.