Habar

2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 10-njy mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýolbaşçy derejesinde gatnaşdy.

Duşuşygyň gün tertibine sebitleýin gümrük hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm meseleler girizildi: söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi, elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň ösdürilmegi, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş, kagyzsyz söwda usullarynyň ornaşdyrylmagy we işgärleri taýýarlamak boýunça meseleler.

YHG-niň gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş boýunça maglumatlar binýadynyň işe girizilmegine, agza ýurtlaryň gümrük edaralarynyň arasynda elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň döredilmegine, şeýle hem YHG bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzda gümrük işiniň kämilleşdirilmegi we sanlylaşdyrylmagy boýunça görülýän çäreler barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmen-özbek we türkmen-gazak serhetlerinde ýerleşýän Farap we Garabogaz gümrük nokatlarynyň infrastrukturasynyň  döwrebaplaşdyrylmagy, häzirki zaman maglumat ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy, 2025-nji ýylyň ýanwaryndan bäri işleýän Gözegçilik-seljeriş merkeziniň işe girizilmegi barada aýdyldy. Gullugyň ýanyndaky Okuw merkezine Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleýin okuw merkezi hökmünde ykrar edilmegi boýunça alnyp barylýan işler bellenilip geçildi.

Gulluk iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň ýolbaşçysy Forud Asgari bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşykda 2025–2026-njy ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler, şol sanda maglumat alyş-çalyş boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, gümrük işgärlerini taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.