Habarlar

Hormatly Prezidentimiz deputatlar düzümi bilen duşuşdy
8 Few
Hormatly Prezidentimiz deputatlar düzümi bilen duşuşdy

2019-njy ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlar düzümi bilen duşuşdy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. “Wagt geçip barýar. Dünýä özgerýär. Täze tehnologiýalar, giň gerimli taslamalar ýüze çykýar. Şoňa görä-de, dünýä ykdysadyýeti bilen aýakdaş gitmek üçin, biz ýaňy-ýakynda ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny kabul etdik. Bu Maksatnamany doly möçberde durmuşa geçirmek üçin, biziň ählimiz bilelikde, Türkmenistanyň Mejlisi hem, Hökümeti hem, jemgyýetimiz hem yhlas bilen tutanýerli işlemelidir” diýip, milli Liderimiz nygtady.

Milli Liderimiz «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem Döwlet maksatnamasynyň doly derejede amala aşyrylmagyna hyzmat etmelidigine, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ygtybarly hukuk esaslaryny döretmek boýunça gaýragoýulmasyz işi geçirmegiň zerurdygyna deputatlaryň ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge laýyklykda, bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy barada aýdyp, Mejlisiň deputatlaryny degişli kanunçylygy kämilleşdirmäge ugrukdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz daýhan hojalyklarynyň sanyny köpeltmek, telekeçileri oba hojalyk önümçiligine çekmek, oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirmek, olardan ýokary hasyl almak, suw meselelerini çözmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksatnamanyň möhüm wezipeleriniň biridigini nygtady.

Milli Liderimiz şeýle hem döwletimiziň medeniýeti, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge goldaw bermegi boýunça kanunçylyk çärelerini täzelemegiň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz döwletimiziň alyp barýan daşary syýasat meseleleri barada gysgaça durup geçdi. Mälim bolşy ýaly, biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalary bilen ykrar edilen hemişelik oňyn bitaraplyk daşary syýasat konsepsiýasyna eýerýär. Şoňa laýyklykda, Türkmenistan Merkezi Aziýada we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamaga gönükdirilen parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barýar. Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlaryna abraýly halkara we parlamentara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işi geljekde hem depginli alyp barmagy teklip etdi.



 



http://tdh.gov.tm