Habarlar

Türkmenistan BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň geňeşiniň hemişelik agzasy hökmünde biragyzdan saýlanyldy
8 Iýul
Türkmenistan BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň geňeşiniň hemişelik agzasy hökmünde biragyzdan saýlanyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berilişine görä, 2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda Şweýsariýa Konferensiýasynyň esasy dolandyryjy düzüm birligi bolan Söwda we ösüş boýunça Geňeşiniň nobatdaky 66-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu Geňeşiniň hemişelik agzasy hökmünde biragyzdan saýlanyldy. 

Türkmenistan bu Geňeşiň 157-nji döwleti bolup, onuň “A” toparynyň sanawyna girizildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň ýokary edarasy Konferensiýa bolup, ol öz işiniň maksatnamasy bilen baglylykda meseleleri çözmegiň esasy ugurlaryny anyklamak üçin ministrler derejesindäki dört ýyldan bir gezek çagyrylýan sessiýany geçirýär.