Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
7 Few
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

2019-nji ýylyň 6-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.



Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany rus tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydygyny tassyklady.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, Russiýa Federasiýasy bilen köptaraply gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny beýan edip, özara hormat goýmak, netijelilik we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, şol sanda 2017-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana bolan resmi sapary mahalynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdiler.



Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň ýolbaşçysy, ilkinji nobatda, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli halkara syýasatyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, BMG-niň, GDA-nyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändikleri tassyklanyldy.



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek baradaky meselä ünsi çekip, geçen ýyl geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň ähmiýetini nygtadylar. Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekilmegi şol maslahatyň möhüm netijesi boldy. Munuň özi kenarýaka ýurtlaryň özara gatnaşygynyň taryhynda täze sahypanyň açylandygyny aňlatdy.



Şunuň bilen baglylykda, Sergeý Lawrow Türkmenistanyň netijeli çemeleşmesine ýokary baha berdi. Şonuň netijesinde Hazar boýunça ençeme möhüm meseleleri çözmek mümkin boldy. Bellenilişi ýaly, hut Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň Liderleriniň derejesinde gepleşikler başlanyp, ol dürli ugurlarda Hazarda özara hereket etmegiň hukuk kadalaryny berkidýän taryhy, binýatlaýyn resminama bolan Konwensiýa gol çekilmegi bilen tamamlandy.



Duşuşygyň dowamynda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol çäreleriň hatarynda daşary işler ministrleriniň geňeşiniň, döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Ykdysady geňeşiň mejlisleri, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumy hem-de beýlekiler bar.



 



http://www.turkmenistan.gov.tm