Gümrük habarlary

Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň «Diýarbekir» gümrük postundan  Türkmen gawunlary eksport edilýär
5 Okt
Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň «Diýarbekir» gümrük postundan Türkmen gawunlary eksport edilýär

 

2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň «Diýarbekir» gümrük postundan Türkmen gawunlarynyň eýýäm ikinji tapgyry Awstriýa Respubliaksynyň paýtagty – Wena eksport edildi. Gawunlaryň birinji tapgyry şu ýylyň 11-nji sentýabrynda iberilipdi. 

«Gyzyl gülaby» atly meşhur gawuny «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti tarapyndan eksporta iberilýär. Awstriýaly alyjylara gawunlar ekologiýa taýdan arassa gutulara gaplanyp iberilýär. 

Abraýly halkara sergilerde altyn medallara mynasyp bolan gawunlar dünýäde özleriniň adatdan daşary süýjüligi we ýakymly ysy bilen şöhratlanýar. Ýurdumyzda gawun bakja ekinleriniň şasy saýylýar.

Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeleriň çäginde oba hojalygynyň beýleki ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, bakjaçylygyň ösdürilmegine hem badalga berildi.

Obasenagat toplumynyň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri hem işjeň çekilýär. Türkmen telekeçileri içerki bazary dürli görnüşli azyklyk önümler bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek bilen bir hatarda, daşary söwda aragatnaşyklaryny hem yzygiderli ösdürýär, miwe, gök önüm, bakja ekinlerini eksporta iberiji hökmünde öz ornuny barha berkidýär. Şunlukda, telekeçiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistanda öndürilen harytlaryň eksport möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.