2026-njy ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan guralan «Sebitleýin okuw merkeziniň sebitara özara baglanyşygy berkitmekdäki orny» atly halkara maslahat geçirildi.
Çärä Gazagystan, Gyrgyzystan we Russiýa Federasiýasyndaky Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleýin okuw merkezleriniň wekilleri, hem-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ýaponiýanyň we Wengriýanyň Sebitleýin okuw merkezleriniň wekilleri, şeýle hem Bütindünýä gümrük guramasynyň Sekretariatynyň wekili, bu Guramanyň Baku şäherindäki Mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebitleýin edarasynyň müdiri we wekili, Gruziýanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň (onlaýn) gümrük edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň açylyş dabarasyna şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatyň gün tertibi gümrük edaralarynyň işgärleriniň hünär mümkinçiliklerini ösdürmek, işgärleri taýýarlamak boýunça tejribe alyşmak hem-de sebitleýin okuw merkezleriniň arasynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine bagyşlandy.
Maslahatyň ikinji güni BGG-niň Türkmenistandaky Sebitleýin okuw merkeziniň binýadynda geçirildi. Bu ýerde gatnaşyjylar mejlisleriň çäklerinde işlerini dowam etdirip, Okuw merkeziniň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Maksatnama laýyklykda, çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasyna hem baryp gördüler.
Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygynyň orunbasary bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri we ony mundan beýläk ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.