Habar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitinde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Taslamanyň (CCASP) çäklerinde geçirilen jemleýji sebitleýin okuw çäresine gatnaşdy. Çäre,  2026-njy ýylyň 3–5-nji martynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirildi.

Ýaponiýanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan guralan bu taslama ok-därili ýaraglaryň we ýeňil ýaraglaryň (SALW), şeýle hem uçarmansyz uçýan enjamlaryň (PUA) bikanun serhetüsti geçirilmegine garşy göreş meselelerine bagyşlandy.

Türkmenistan bu taslamanyň işjeň gatnaşyjysy bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri ozal 2025-nji ýylyň iýul aýynda Astana şäherinde geçirilen sebitleýin duşuşyga, şeýle hem 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Baku şäherinde geçirilen ikitaraplaýyn türgenleşik okuwyna gatnaşdylar.

Üç gün dowam eden okuwyň dowamynda sebitdäki ýurtlaryň — Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň wekilleri geçirilen okuw çäreleriniň netijelerini jemlediler, milli tejribeleri bilen paýlaşdylar hem-de Ýaponiýanyň gümrük gullugy tarapyndan ulanylýan serhet we gümrük gözegçiliginiň öňdebaryjy usullary bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti hem öz çykyşynda milli gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Hususan-da, töwekgelçilikleri awtomatlaşdyrylan tertipde seljermäge mümkinçilik berýän we gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de gümrük resmileşdiriş amallaryny çaltlandyrmaga ýardam edýän Gözegçilik-seljeriş merkeziniň işi aýratyn nygtaldy. Şeýle hem gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda häzirki zaman barlag-gözegçilik toplumlarynyň, wideogözegçilik ulgamlarynyň hem-de radiasion gözegçilik serişdeleriniň ornaşdyrylmagy barada bellenildi.