2026-njy ýylyň 23-24-nji fewralynda Gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň wekilleri Bütindünýä gümrük guramasyna (BGG) agza döwletler tarapyndan döredilen sebitleýin edaralaryň we bu guramanyň Geňeşiniň başlygynyň orunbasarlarynyň edaralarynyň 21-nji global mejlisine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda BGG-niň sebitleýin düzümleriniň häzirki işleri, sebitleýin okuw merkezleriniň arasynda iň gowy tejribeleriň alyş-çalşygy we gümrük edaralarynyň mümkinçiliklerini ösdürmegiň döwrebap çemeleşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Elektron okuwyň we sanly platformalaryň ornaşdyrylmagyna we uzak aralykdan okuwyň ulanylmagyna aýratyn üns berildi.
Duşuşyga gatnaşan Okuw Merkeziniň wekilleri BGG-niň täze mümkinçiliklerini artdyrmak başlangyçlary bilen tanyşdylar we alnan maglumatlar bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmek we gümrük ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça mundan beýläk-de işlerde ulanylar.