Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Döwlet gümrük gullugynyň düzümlerinde Watançylyk mazmunly çärelere giň gerim berildi. Gullugyň Merkezi edarasynda Döwlet gümrük gullugy tarapyndan yglan edilen «Göreldeli gümrük işgäri» we «Ýylyň gümrük nokady» bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Gullugyň hukuk tertibini, kanunçylyk binýadyny berkitmäge we kämilleşdirmäge goşan şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli we birkemsiz ýerine ýetirmekde gazanan ýokary görkezijileri, harby gullukçylary hünär taýdan kämil derejede taýýarlamakda görkezen aýratyn netijeleri boýunça Döwlet gümrük gullugynyň öňdebaryjy harby gullukçylary «Göreldeli gümrük işgäri» bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.