Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzyň daşary ykdysady işine gatnaşýan hususy taraplara we logistik kompaniýanyň wekillerine gümrük işi boýunça hukuk kömegini bermek maksady bilen, nobatdaky iş maslahatyny geçirýär. Iş maslahaty 2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabat şäher gümrükhanasynyň mejlisler zalynda geçirilýär.
Iş maslahatyň barşynda, ýurdumyzdan eksport edilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň hukuk esaslary hem-de gümrük amallarynyň ýerine ýetirilişi, halkara ýük daşamalaryna bildirilýän talaplar, şeýle hem gümrük işinde sanly ulgamy ulanmak boýunça täze girizilen düzgünler we gümrük işi bilen bagly soraglar boýunça hukuk kömegi berler.
Geçirilýän senesi: 2026-njy ýylyň 18-nji noýabry
Başlaýan wagty: 10:00
Geçirilýän ýeri: Aşgabat şäher gümrükhanasynyň mejlisler zaly (Halkara gümrük terminaly)
Ähli gyzyklanma bildirýän taraplary iş maslahatyna gatnaşmaga çagyrýarys.
Iş maslahaty boýunça özüňizde gyzyklandyrýan soraglar boýunça «Sorag-jogap» hyzmatynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilersiňiz. Telefon belgisi 39-41-39