Habar

       2026-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň işgärleri üçin niýetlenilen täze gulluk ýaşaýyş jaýynyň dabaraly açylyş dabarasy boldy. 

    Dört gatly, 24 öýli täze jaýyň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, bagtyýar çagalar üçin ýörite oýun meýdançalary hem döredildi. Ýerli gurluşykçylarymyz tarapyndan bina edilen döwrebap gulluk ýaşaýyş jaýynyň ähli otaglary giňligi, arassalygy, ýagtylygy we kaşaňlygy bilen tapawutlanýar. Binanyň gijeki yşyklandyryş ulgamy bolsa özüniň ajaýyplygy bilen saýlanyp, şäheriň görküne görk goşýar. Açarlaryny alan Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary täze jaýlaryň açarlaryny maňlaýlaryna sylyp, geljekde hem ata Watanymyza, Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza ak ýürekden wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar. Dabaranyň dowamynda bu gulluk ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynda tapawutlanan öňdebaryjy gurluşykçylara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

      Merdana Watan goragçylary üçin bu döredilýän şertler we mümkinçilikler Hormatly Prezidentimiziň «Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrarys» diýen parasatly setirleriniň iş ýüzünde dolulygyna amala aşyrylýandygynyň ýene bir ýola aýdyň subutnamasydyr.