
2025-nji ýylyň 1-2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde Bütindünýä söwda guramasynyň söwdany ýeňilleşdirmek Ylalaşygy: toparlara bölmek we ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek atly okuw geçirildi.
Bu çäre, Ýewropa Bileleşiginiň we Halkara Söwda Merkeziniň goldawy bilen "Türkmenistan: Söwda durnuklylygy we integrasiýa" maksatnamasynyň çäginde gurnaldy we halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Okuwa gatnaşan gümrük işgärleri Bütindünýä söwda guramasynyň ylalaşygynyň esasy düzgünlerini, borçnamalaryň toparlara bölünişigi, häzirki zaman gümrük dolandyryş gurallarynyň durmuşa geçirilmegini we netijeli işlemek üçin pudagara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çäräniň netijesi boýunça ileri tutulýan ugurlar we Türkmenistany Bütindünýä söwda guramasyna goşulmaga taýýarlamaga gönükdirilen çäreler kesgitlenildi.