
2025-nji ýylyň 23-25-nji sentýabrynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Neşe serişdeler bilen bagly jenaýatlarda töwekgelçilikleri seljermek we gözleg usullary» atly Sebitleýin okuw maslahaty geçirildi.
Maslahat Bütindünýä gümrük guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça mümkinçilikleri ösdürmek boýunça Sebitleýin edarasy (ROCB Europe) tarapyndan, Özbegistanyň Döwlet gümrük komiteti bilen hyzmatdaşlykda, şeýle hem Neşelere garşy göreş boýunça taýýarlyk akademiýasy (NEA, Türkiýe) we Merkezi Aziýa sebitleýin maglumat we utgaşdyryş merkezi (CARICC) tarapyndan goldaw berilmegi arkaly gurnaldy.
ROCB Europe tarapyndan iberilen resmi çakylyga laýyklykda, maslahata Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkeziniň işgäri gatnaşdy. Maslahatyň çäklerinde töwekgelçilikleri seljermäge häzirki zaman çemeleşmeler, ulaglarda we konteýnerlerde gizlin ýerleşdirilen neşe serişdelerini ýüze çykarmak usullary, şeýle hem neşelere garşy göreşde kinologik bölümleriň orny we ulanylyş tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy.