
Berkarar Watanymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy giňden bellenildi. Bu şanly sene döredijilik, öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda täze bir sahypany açýar. Şanly sene mynasybetli Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada geçirilen dabaraly harby ýöriş ýurdumyzyň parahat we asuda durmuşyny alamatlandyrdy.
Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada geçirilen dabaraly harby ýörişe beýleki harby edaralaryň harby gullukçylary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary hem ýokary derejede uly buýsanç bilen geçdiler. Harby gullukçylaryň belent owaz bilen «Halk, Watan, Belent Serkerdebaşy!» diýen şygar astynda dabaraly harby ýörişden geçmegi, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goraýjylaryň mukaddes Watanyna, ene topragyna bolan söýgüsiniň has-da çäksizdigini görkezdi.