Gümrük habarlary

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary okuwlaryny üstünlikli tamamladylar
15 Iýun
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary okuwlaryny üstünlikli tamamladylar

2019-njy ýylyň 15-nji iýunynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan harby talyplaryň gutardyş dabaralary geçirildi. 

Dabarlar paýtagtymyzyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada bolup geçdi. Oňa harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdy. 

          Okuwy tamamlan ýaş serkerdeleriň hatarynda geljekki gümrükçiler hem bar. Mälim bolşy ýaly, her ýyl Goranmak ministrliginiň Harby instituty Döwlet gümrük gullugy üçin ýokary bilimli gümrük işi boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. 

Bu hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň hünärmenleri hem işjeň gatnaşýarlar. Gümrük işi boýunça ähli dersleriň okuw maksatnamalary Okuw merkeziniň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanýar. 

Talyplaryň okuw-terbiýeçilik işinde Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik watansöýüjiligi, sagdynlykda, ruhubelentlikde, harby hünär ussatlygynda görkezýän nusgalyk göreldesi, ajaýyp kitaplary, harby-watançylyk çagyryşlary esasy ýörelgedir.