Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
6 Iýun
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, diýip TDH habar berýär. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hasabat döwründe alnyp barlan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, esgerleriň we serkerdeleriň döwrebap gulluk etmegi we ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdiler.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň şu ýylyň başyndan bäri alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirýän çäreleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gümrük düzümlerini döwletimiziň üstünden geçýän ýüklere berk gözegçiligi ýola goýmaga mümkinçilik berýän häziriki zaman tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu gün Ýewraziýa yklymynda Türkmenistanyň möhüm ulag-üstaşyr geçelge hökmündäki ornunyň pugtalanýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň möçberiniň artýandygyny nazarda tutup, gulluga degişli wezipeleriň amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň degişli tertibiniň üpjün edilmelidigini aýratyn belläp, halkara kadalara laýyklykda degişli çäreleriň geçirilişine berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini, iri maslahatlaryň, forumlaryň geçirilýändigini nazarda tutup, bu ugurda bar bolan ösen tejribeleri hem-de hyzmatdaşlygyň täzeçil usullaryny peýdalanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň soňky ýyllarda ulag-üstaşyr geçelge hökmündäki derejesiniň ýokarlanýandygyny belläp, gulluga täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy we halkara tejribeleriň herekete girizilmegi, aýratyn-da, gullugyň işinde sanly ulgamyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy babatda görkezme berdi.