Gümrük habarlary

Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça altynjy her ýylky sebitara duşuşygy
27 Maý
Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça altynjy her ýylky sebitara duşuşygy

2019-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Bütindünýä gümrük guramasynyň Ählumumy maksatnamasynyň çäginde altynjy her ýylky sebitara duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşan türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary R.Garajaýew başlyklyk etdi. 

Duşuşygyň maksady Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmegiň çygrynda ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle hem ýokary töwekgelçiligi bolan ýükleri ýüze çykarmak we olaryň öňüni almak boýunça Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek maksatnamasynyň agza döwletleriniň gümrük edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmekden ybarat. 

Duşuşygyň barşynda Port gözegçiligi toparynyň gümrük edaralarynyň Sebitara toruny döretmek boýunça özara düşinişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek dabarasy bolup geçdi.