Habarlar

GDA-nyň baş binasynda Türkmenistanyň sergisi guraldy
31 Ýan
GDA-nyň baş binasynda Türkmenistanyň sergisi guraldy

2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň baş binasynda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda, türkmeniň medeni we taryhy mirasynyň, amaly-haşam sungatynyň, döwletimiziň gazanan üstünlikleri barada habar berýän suratlaryň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi geçirildi.

Serginiň dabaraly açylyşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Yerine Yetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine Ýetiriji sekretary S.N.Lebedew gutlag sözleri bilen çykyş edip, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň başlyklygynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda özara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanjakdygyna ynam bildirdi.

Sergi baý mazmunly bolup, ol Watanymyzyň daşary ýurtlar bilen köptaraply hyzmatdaşlygyň okgunly alnyp barylýandygynyň hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana, halkymyzyň baý milli mirasyna, onuň ajaýyp medeniýetine we sungatyna bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň subutnamasy boldy.

Geçirilen sergiden soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Yerine ýetiriji komitetiniň jogapkär işgärleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň  ýanyndaky Hemişelik  we Doly ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda kabul edişlik çäresi geçirildi we gatnaşyjylara türkmeniň milli tagamlary hödür-kerem edildi.



www.mfa.gov.tm