Gümrük habarlary

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäresi
26 Ýan
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäresi

2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň mejlisler zalynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.

 Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ähli gatnaşyjylary gutlap, baýramçylyk çäresini açyk diýip yglan edenden soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Baýramçylyk dabarasynyň barşynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby gullukçylara dabaraly ýagdaýda nobatdaky harby atlar dakyldy. Şeýle hem, Gullugyň hatarynda göreldeli gulluk edip, ýokary hünär ussatlygy we işinde gazanan ýokary netijeleri bilen tapawutlanan işgärlere döwlet sylaglary gowşuryldy. 

Baýramçylyk çäresi Döwlet gümrük gullugynyň aýdym-saz topary tarapyndan taýýarlanan ajaýyp konserti bilen dowam etdirildi.