Habar

2024-nji ýylyň 11-12-nji apreli aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük edaralarynyň wekilleri Ygtyýarly Ykdysady Operatorlar maksatnamasy boýunça tejribe alyşmak maksady bilen Türkmenistanda saparda boldular.

Wekiliýetiň sapary 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Pekin şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde, onuň düzgünlerini berjaý etmek maksady bilen guraldy.

Saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň hytaý wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ýokarda agzalan Ähtnamany ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary maksatnamasyny netijeli ornaşdyrmak maksady bilen,  häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bu maksatnamany hemmetaraplaýyn doly öwrenýär. Şunda Hytaý Halk Respublikasynyň bu ugurda tejribesini öwrenmeklige uly ähmiýet berilýär.

Şol maksat bilen, saparyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň hem-de  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Onda ýurdumyza gelen YYO boýunça hytaýly hünärmenler bu maksatnamany ornaşdyrmak boýunça öz tejribesi bilen paýlaşdylar, maslahata gatnaşyjylary YYO maksatnamasynyň işi, onuň ösüşi, işe girizmegiň ähmiýetli taraplary we geljekki göz öňünde tutulýan meýilnamalar bilen tanyşdyrdylar. Maslahatyň ahyrynda özara pikir alyşmalara giň orun berildi.

Şeýle-de, hytaý wekiliýetiniň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda saparda bolmagynyň barşynda, olar Gullugyň alyp barýan işi, häzirki wagtda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler bilen hem tanyşdyryldy. Tanyşlyk, Gullugyň muzeý otagyndan başlandy. Bu ýerde myhmanlar Türkmenistanda gümrük gullugynyň döredilmeginiň taryhy, onuň ösüşini beýan edýän suratlar we eksponatlar bilen tanyşdylar. Soňra, Gullugyň seljeriş otagynda myhmanlara gümrük edaralarynda alnyp barylýan işleri beýan edýän wideorolik görkezildi. 

Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük edaralarynyň wekiliýetiniň sapary Arkadag şäheriniň gümrükhanasyna baryp görmegi bilen tamamlandy. Wekiliýet Gümrükhananyň edara binasyny aýlanyp görüp, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary arkaly bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdyryldy.