Habarlar

Hormatly Prezidentimiz göçme iş maslahatyny geçirdi
10 Ýan
Hormatly Prezidentimiz göçme iş maslahatyny geçirdi

2018-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Hojalyk müdirligine degişli maldarçylyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň geçirilýän ýerinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Milli Liderimize düzüminde desgalaryň birnäçesi bolan toplumyň işleri barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan işleriň derejesine kanagatlanma bildirip, harby-hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerinde maldarçylygy we ekerançylygy has-da giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra milli Liderimiz bu ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň garamagyndaky kärhanalaryň harytlaryndan ybarat bolan, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň sergisi bilen tanyşdy. Döwlet gümrük gullugunyň hojalyk dolandyryş müdirliginiň garamagynda 50 müň towuk saklanýar.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dowamynda guş idedijiler 11 milliondan gowrak ýumurtga aldylar. Munuň özi gullugyň hojalyk hasaplaşygyndaky bölümleriniň girdejilerini artdyrmakda örän ähmiýetlidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hojalyk mümkinçiliklerini nazarda tutup, bu işleriň yzygiderli ösdürilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Soňra Belent Serkerdebaşymyza 2019-njy ýylyň ilkinji gününde toplumda doglan taýçanak sowgat berildi. Hormatly Prezidentimiz taýçanaga “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda doglandygyny nazara alyp, oňa “Rowaç” diýip at goýdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow göçme iş maslahatyny geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň işi, şol sanda döwrebap önümçilik kuwwatlyklaryny, hojalyk we maldarçylyk toplumlaryny döretmegiň hasabyna alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli bölümleriniň akar suwlaryň ýanynda boş ýatan meýdanlary ekerançylyk maksatlary we maldarçylyk işleri üçin ulanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy düzümlere degişli hojalyk desgalarynyň çäklerini giňeltmegiň zerurdygyny belläp, miwe we gök önümleriniň, beýleki azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň mukdaryny köpeltmegiň hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.

Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, ýygnananlara berk jan saglyk we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, ildeşlerimiziň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

http://tdh.gov.tm