Habarlar

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy
9 Ýan
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy

2019-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary, şeýle hem iri desgalaryň birnäçesinde işleriň ýagdaýy we şäheri abadanlaşdyrmak, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. 

Ir bilen milli Liderimiz Çoganly toplumynyň çägine geldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi we beýleki degişli ýolbaşçylar, şol sanda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän medeni durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň we şolaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylarynyň goýlan ýerinde Milli Liderimiziň garamagyna edara we jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň işlenip taýýarlanylan taslamalary hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenilen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki ugurlarynda şäher giňişliginiň döwrebap gurşawynyň döredilmeginiň esasy talapdygyny belledi.

Milli Liderimiz esasy bellikleri we düýpli maslahatlary aýdyp, ýolbaşçylary daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini işjeň öwrenmäge, şäher hojalygyny netijeli guramagyň ýörelgelerini seljermäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ulanmaga çagyrdy.  Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz şähergurluşyk ulgamynda ýurdumyzyň işgärler kuwwatyny artdyrmak üçin oňat bilim ulgamynyň döredilendigini, ýaş binagärleriň, dizaýnerleriň, inženerleriň döredijilik başlangyçlaryny, täzeçiliklerini höweslendirmekligiň möhümdigini belläp we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalara garamagyň we şolary ara alyp maslahatlaşmagyň jemini jemläp, degişli ýolbaşçylara Aşgabady düzümleýin ösdürmek, onuň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, şäheri abadanlaşdyrmak, ýaşaýjylar hem-de myhmanlar üçin has oňaýly şertleri döretmek babatda anyk görkezmeleri berdi we bu ýere ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

http://tdh.gov.tm