Gümrük habarlary

Gümrük gullugynda Täze ýyl dabaralary
2 Ýan
Gümrük gullugynda Täze ýyl dabaralary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy çagalar üçin Täze ýyl dabarasyny gurnady. Esasy býramçylyk dabarasy Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda geçirildi.

Bu ýerde teatryň artistleri çykyş edip, ýaş tomaşaçylarda şadyýan baýramçylyga mahsus bolan ýakymly täsirleri galdyrdylar. Arçaly meýdançada çagalaryň bagtyýar gülküsi ýaňlanýar, çagalar çykyşlara höwes bilen goşulyşýarlar. Şeýle-de çagalara süýji nygmatlar hödürlendi. 

Dabaranyň esasy gahrymany Aýazbaba çagalara egsilmez şatlyk paýlady we olara gowşurylan ajaýyp sowgatlar baýramçylyk babatda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.