Habar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde gurnamaklarynda  “Kämil gurujy” hojalyk jemgyýetiniň iş binasynda Garaşsyzlyk döwründe gazanan üstünliklerimizi berkidip, has belent sepgitlere ruhlandyrmak maksady bilen, “Öňde goýulan wezipeler, belent maksatlar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ ýylynda döredilýän giň mümkinçiliklerden, oňaýly şertlerden ruhlanyp yhlasly zähmet çekýän ildeşlerimiziň ilkinji nobatda armasynyny ýetirip, olaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmekde alyp barýan işlerinde mundan beýläk hem üstünlikler arzuw edildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we TSTP-nyň agzasy “Kämil Gurujy” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda polipropilenden haltalary öndürmekde ýurdumyzda öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolmak bilen bu ýerde haltalaryň dürli görnüşleri ýagny ak haltalar, reňkli haltalar şeýle hem ýörite buýurmalar esasynda hem islendik görnüşleri taýýarlanylýar diýip bellenilip geçildi. Şeýle hem bu ýerde taýýarlanylan önümler häzirki wagtda diňe ýurdumyzyň içerki bazarlaryny üpjün etmek bilen çäklenmän eýsem daşary ýurt bazarlarynda hem uly islege eýe bolup durýar. Esasan hem Russiýa Federasiýasyna we GDA-nyň birnäçe döwletlerine bu ýerde öndürilen halta önümleri eksport edilýär.

Duşuşyk ýurdumyzda işlemäge, okamaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.