Habar

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň bäş aýynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň alyp baran işleriniň jemlerine garaldy, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzda durnuklylygy, kanunylygy hem-de düzgün-tertibi saklamak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň goranyş ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, esgerleriň we serkerdeleriň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin degişli şertleri döretmäge gönükdirilen harby özgertmeleriň barşy hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli goşuny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik meselelerini çözmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlendi. Şeýle-de ugurdaş okuw mekdepleriň ýaş harby talyplarynyň hem-de harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işlerini guramagyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Ýaragly Güýçleriň hatarlaryndan ätiýaçlyga goýbermek we Türkmenistanyň raýatlarynyň ýazky çagyryş möwsümi boýunça amala aşyrylýan işleriň degişli derejede, kanunçylyga laýyklykda geçirilişini berk gözegçilikde saklamalydygyny nygtap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam edip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden taýýarlyk görlüp başlanmalydygyna ünsi çekdi hem-de degişli görkezmeleri berdi.

Baş prokuror B.Atdaýew hasabat döwründe ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni ulanmak boýunça garamagyndaky düzümleriň alyp barýan anyk işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek babatda ýerine ýetirilen işler hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren, şol sanda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň sütünlerini berkitmekde, adalatlylygy, asudalygy üpjün etmekde prokuratura edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Şundan ugur alnyp, prokuratura işgärleri täsir etmek çärelerini netijeli ulanmalydyrlar, Türkmenistanda kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berk hem-de hemmeler tarapyndan ýerine ýetirilişi babatda gözegçiligi amala aşyrmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Baş prokurora degişli tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow 2022-nji ýylyň başyndan bäri düzgün bozulmalaryň öňüni almak hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem IIM-niň ýolbaşçysy paýtagtymyzda we welaýatlarda ulag akymlaryny düzgünleşdirmek, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek babatda alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň öňünde jenaýatçylyklary we administratiw hukuk düzgün bozulmalaryny öňünden duýdurmak, olaryň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrmak, jemgyýetçilik tertibini goramak ýaly jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belledi. Tomus pasly döwründe ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ministre üstüne ýüklenen wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin has netijeli usullary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini ulanmalydygyny, sanly ulgamy ornaşdyrmalydygyny, şuňa laýyklykda, IIM-niň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmalydygyny aýtdy we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň adalatlylyk hem-de kazyýet önümçiligi ýörelgelerini kämilleşdirmek, işgärler bilen üpjünçiligi pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň ähli ugurlaryny özünde jemleýän döwlet goraglylygynyň netijeli guraly hökmünde milli kazyýet ulgamyna uly ornuň berilýändigini nygtady. Bu edaranyň ileri tutulýan wezipeleri kanunylygy, adalatlylygy hem-de düzgün-tertibi üpjün etmekden, hukuk düzgün bozulmalaryna getiren sebäpleri we şertleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi hem-de edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew 2022-nji ýylyň bäş aýynda geçirilen işleriň netijeleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny goramak, Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, jemgyýetde ylalaşyklylygy, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu edaranyň öňünde, esasan, ýurdumyzy geljekde-de depginli ösdürmek üçin oňaýly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň kemala getirilmegi, döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmak ýaly wezipeleriň durýandygyny belledi. Şolary üstünlikli çözmek üçin häzirki zaman ylymlaryndan, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak zerurdyr.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de ýanwar — maý aýlarynda ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragyndaky serhet goşunlarynyň gullukçylarynyň düzgün-tertibini, söweşjeň we ynsanperwer taýýarlygyny güýçlendirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy serhetçileriň öz borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, gije-gündiz gury ýerde we deňizde serhetdeş döwletleriň ählisi bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan hem-de işjeň ösdürýän Watanymyzyň serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmelidigini belläp, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri täze kanunlaryň taslamalary babatda teklipleri taýýarlamak hem-de öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi we dünýäniň hukuk ulanyş işinde hereket edýän kadalar göz öňünde tutulyp kämilleşdirilýän milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýakyn we uzak möhletleýin geljege niýetlenen maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegiň ygtybarly binýadyna öwrülen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrüň talabyna laýyk işläp taýýarlamakda möhüm ugurlary giňişleýin öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow amala aşyrylýan toplumlaýyn hukuk özgertmeleriniň ähmiýeti barada aýdyp, onuň baş wezipeleriniň biriniň umumy kabul edilen halkara kadalary we ölçegleri milli kanunçylyga laýyk getirmekden ybaratdygyny belledi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe bu düzümiň işini kämilleşdirmek boýunça görlen yzygiderli çäreler, gümrükhanalarda geçirilýän işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýewraziýa yklymynda üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän geostrategik ornunyň barha artýandygyny nygtady. Bu ugurdaky işleriň möçberiniň artmagy gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegine has jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de harytlaryň we ulag serişdeleriniň ýurdumyzyň gümrük serhetleri arkaly geçmek düzgüniniň berjaý edilişini hemişe üns merkezinde saklamagy talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna degişli amallaryň halkara ölçegleriň talaplaryna laýyk geçirilişine, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylyşyna gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işlerini netijeli guramak maksady bilen, 2022-nji ýylyň bäş aýynda görlen toplumlaýyn çäreler hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçleriň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, bu edaranyň işine hem täzeçil usullary, sanly ulgamlary işjeň ornaşdyrmalydygyny, şunda daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini ulanmalydygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy edaranyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitläp, gullugyň işinde migrasiýa meseleleri babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna pugta eýermegi, işgärler bilen üpjünçilige ilkinji nobatda üns bermegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, biz Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýarys. Biziň şu maksatlara esaslanyp kabul eden Harby doktrinamyz hem goranyş häsiýetine eýedir. Biz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdireris. Ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris. Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça uly işleri durmuşa geçirmegi dowam ederis diýip nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.