Habar
                    
                
             
                                
                            Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra Niderlandlaryň milli baýramy — Patyşanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Patyşa Willem-Aleksandra berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, Niderlandlaryň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
 
                 
                                     
                                     
                                     
                                    