Habar

2026-njy ýylyň 15-17-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen gümrük forumynyň meýdançasynda Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrükçileri gümrük gözegçiliginiň täze sanly ekoulgamynyň binýadyny tutmak maksady bilen duşuşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti degişli Iş toparynyň birinji mejlisine synçy hökmünde gatnaşyp, Hytaýdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan bolan kärdeşleri bilen töwekgelçilikleri dolandyrmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, emeli aň algoritmlerini hamana maglumatlaryň akylly seljermesini ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşdy.    

Gümrük gulluklarynyň arasynda ygtybarly maglumat alyşmak üçin «Hyzmatdaşlygyň Düzgünnamasynyň» taslamasynyň ylalaşylmagy duşuşygyň esasy netijesi boldy. 2027-nji ýylda geçiriljek Üçünji «Merkezi Aziýa-Hytaý» Sammitiniň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän bu strategik mehanizm serhetlerden harytlaryň geçirlişini ep-esli çaltlandyrmaga, gözegçiligiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga we sebitdäki söwda ýollaryny has-da howpsuz hem-de aýdyň etmäge gönükdirilendir. Taraplar ilkinji amaly ädim hökmünde synag görnüşinde maglumat alyşmagy barlap görmegi hem-de nobatdaky duşuşygy Gazagystan Respublikasynda geçirmek barada ylalaşdylar.

Türkmen tarapynyň synçy hökmünde gatnaşmagy öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge we milli gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk başlangyçlaryň toplumyny kemala getirmäge mümkinçilik berdi.