2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde «Harytlar barada deslapky maglumaty bermek we daşary söwdanyň gümrük statistikasyny ýöretmek» atly pudagara okuw-maslahaty guraldy. Çärä Döwlet gümrük gullugynyň, degişli döwlet edaralarynyň, şeýle hem daşary ykdysady işe gatnaşyjy kärhanalaryň we guramalaryň hünärmenleri wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda harytlar barada deslapky maglumatlaryň wagtynda we doly berilmeginiň gümrük amallaryny çaltlandyrmakdaky, töwekgelçilikleri netijeli dolandyrmakdaky hem-de serhetden geçirilýän harytlara gözegçiligi kämilleşdirmekdäki möhüm ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem gümrük işine ornaşdyrylýan häzirki zaman sanly ulgamlar, olaryň amaly ulanylyşy we gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmadaky orny giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, gatnaşyjylara gümrük deklarasiýasynda maglumatlaryň ygtybarlylygyny üpjün etmegiň usullary boýunça amaly düşündirişler berildi. Taraplar «Akylly gümrük» konsepsiýasyny durmuşa geçirmek hem-de emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda öňdebaryjy halkara tejribeleri öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri aýratyn bellediler.
Pudagara okuw-maslahatynyň jemleri gümrük amallaryny has-da kämilleşdirmäge, sanly tehnologiýalary netijeli peýdalanmaga we daşary söwdanyň gümrük statistikasynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga oňat ýardam berer.