Habar

2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Taraplar serhetde intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ikitaraplaýyn Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Agzalan resminama harytlaryň serhetüsti hereketiniň kanunylygyny üpjün etmäge, şeýle hem iki ýurduň ykdysady bähbitlerini we sarp edijileriniň hukuklaryny goramaga gönükdirilen netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kemala getirmegi maksat edinýär.

Bu günki gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine esaslanýandygy bellenildi. Bu hyzmatdaşlygyň binýady 2018-nji ýylda Pusan şäherinde geçirilen ilkinji ýolbaşçylar derejesindäki duşuşykda, şeýle hem 2019-njy ýylda töwekgelçilikleri dolandyrmak we gümrük bahasy meselelerine bagyşlanyp geçirilen ýöriteleşdirilen okuw çärelerinde tutulypdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar şu ýylyň sentýabr aýynda Seul şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa–Koreýa Sammitiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan Ähtnama gol çekmek maksady bilen, onuň tekstini gysga möhletde ylalaşmagy tamamlamaga taýýardyklaryny tassykladylar.