Habar

2026-njy ýylyň 1–2-nji iýunynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Bütindünýä gümrük guramasynyň Ýewropa sebitiniň mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebitleýin edarasynyň hem-de Sebitleýin okuw merkezleriniň 14-nji duşuşygy geçirildi.

Çärä Türkmenistandaky BGG-niň Sebitleýin okuw merkeziniň wekilleri işjeň gatnaşyp, merkeziň işi barada çykyş etdiler we öz iş tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Duşuşyk BGG-niň Ýewropa sebitiniň mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebitleýin edarasy tarapyndan alnyp baryldy hem-de oňa Ýewropa sebitindäki ähli Sebitleýin okuw merkezleriniň wekilleri, sebit boýunça Wise-başlygyň topary we BGG-niň Sekretariaty gatnaşdy.

Gün tertibiniň esasy bölegi hökmünde Sebitleýin okuw merkezler  üçin täze Monitoringiň paneliniň (RTCs’ Dashboard) tanyşdyrylyşy we amaly synaglary geçirildi. Bu gural diňe bir tehniki platforma bolman, eýsem sebitleýin gurluşlaryň arasynda aragatnaşygy, utgaşdyrmagy we maglumat alyş-çalşygyny üpjün edýän netijeli mehanizm hökmünde niýetlenendir.

Amaly sessiýanyň dowamynda gatnaşyjylar platformanyň mümkinçiliklerini synagdan geçirip, okuw we prezentasiýa materiallaryny ýükläp gördüler. Bu bolsa okuw merkezleriniň işiniň açyklygyny we görnükliligini ýokarlandyrmakdaky mümkinçiligini aýdyň görkezdi.

Duşuşyk sebitleýin okuw merkezleriniň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygyň möhümdigini tassyklap, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge, şeýle hem gümrük işgärlerini taýýarlamak boýunça tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.