Habarlar

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşdy
12 Sen
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşdy

2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän forumyň işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de welaýatlarynyň derejesindäki düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň gün tertibine Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm meseleler, häzirki döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň tapgyrlary we birnäçe guramaçylyk meseleler girizildi.

Ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýär, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ýokary hilli bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Iri senagat kärhanalarynyň ulanylmaga berilmegi bilen ýaşlar täze iş orunlary bilen üpjün edilýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Onda ýaşlar syýasatynyň hukuk esaslary berkidildi we “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

VI gurultaýa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň Ýaşlar guramasynyň öňünde häzirki döwürde goýan wezipelerinde gelip çykýan Kararnamany biragyzdan kabul etdiler.

VI gurultaýa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýaşlar hakynda edilýän alada üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirilip, döredijilik gözlegleriň, işjeň çözgütleriň we täzeçil çemeleşmeleriň häzirki ýaş nesilleriň alyp barýan işlerinde baş ýörelgä öwrüljekdigi bellenilýär. Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we onuň welaýat, etrap, şäher bölümleriniň agzalary, umuman, ýurdumyzyň ähli ýaşlary Türkmenistanyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmak ugrunda zerur tagallalary ederler.

Ýaşlar forumyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi, türkmen halkynyň baý medeni mirasy barada gürrüň berýän serginiň gymmatlyklary bilen tanyşdylar.