Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy täze innowasiýa çözgütlerini Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisine hödürledi
11 Awg
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy täze innowasiýa çözgütlerini Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisine hödürledi

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergi Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde guraldy.

Sergä hazarýaka we beýleki ýurtlaryň wekiliýetleri, şeýle hem halkara guramalarynyň, daşary ýurt logistiki kompaniýalarynyň we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar hazarýaka ýurtlarynyň milli stendleri, ulag senagatynyň iň täze gazananlary we ýokary tehnologiýalar ulgamynda ýetilen belent sepgitler bilen ýakyndan tanyşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem sergide özüniň innowasion çözgütleri bilen çykyş etdi. Serginiň birinji gününde Gümrük gullugynyň işgärleri sergä gelenleriň soraglaryna höwes bilen jogap berdiler. 

Gümrük gullugynyň stendi gelýänlere gümrük hyzmatlar babatynda täze oýlap tapmalar barada gürrüň berýär. Hususan-da sergide ASYCUDA Wold atly utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamy gatnaşyjylaryň dykgatyna hödürlendi. Bu ulgam Türkmenistanyň gümrük edaralaryna ornaşdyrylýar. Diwarda görkezilen wideorolikden bu ulgamyň işi we onuň atykmaçlyklary bilen tanyşmak mümkin. Goýlan kitapçalar gümrük edaralarynyň döwrebaplaşdyrylan işi, maglumatlar tehnologiýalary, täze barlag enjamlary bilen tanyşdyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň sergi bölümine gelen adamlar 1000-den hem köp boldy. Çagyrylan myhmanlaryň içinde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň bilermenleri bar. Bu bilermenler bilen Gümrük gullugy ASYCUDA WORLD atly taslamanyň çäginde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Geçirilen sergä myhmanlaryň ýokary baha bermegi, maglumat tehnologiýasynyň çygrynda ösüşiň gazanylýandygyny subut edýär.