Habar

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň degişli Permanlary bilen Döwlet sylaglaryna we nobatdaky harby atlaryna mynasyp bolan Gullugyň harby gullukçylaryny sylaglaýyş dabarasy geçirildi.

Döwlet senasynyň ýaňlanmagyndan badalga alan bu çäre ýokary guramaçylyga beslendi. Soňra Gullugyň degişli harby gullukçylaryna Döwlet sylaglaryny we nobatdaky harby atlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Harby gullukçylara bu Döwlet sylaglary berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendikleri nazara alnyp, şeýle-de şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli gowşuryldy.

Döwlet sylaglaryna we nobatdaky harby atlaryna mynasyp bolan harby gullukçylar geljekde hem mähriban Watanymyza we Hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden wepaly gulluk edip, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramak ugrunda alyp barýan işlerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrdylar.