Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
9 Awg
Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.



Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi barada düýpli pikir alşyldy.



Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu forum halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebitiň ägirt uly tebigy-serişdeler, ulag-üstaşyr, energetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etmelidir. Şol kuwwatyň strategik orny bolsa köp babatda nebitiň we gazyň ägirt uly gorlary bilen şertlendirilendir.



Duşuşygyň barşynda «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow kompaniýa tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada habar berip, energetika ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.



Sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şol sanda 2021-nji ýylda ýurdumyzda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meseleleri hem ara alyp maslahatlaşyldy.