Habarlar

Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
25 Iýul
Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda türkmen Lideri Özbegistanyň baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady we berk jan saglyk, tükenmez ruhublentlik we ähli giň göwrümli başlangyçlarynda üstünlikler arzuw etdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.



Özüne aýdylan gutlag we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda öňe gidýänligini belläp, Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleriniň üstünlikli boljakdygyna ynam bildirdi.



Söhbetdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeliliginiň ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek babatda bähbitleriň umumylygy hem-de mäkäm syýasy erkiň bolmagy bilen şertlendirilendigini kanagatlanma bilen bellediler.



Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýurtlarymyzyň arasynda ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki doganlyk döwletiň ykdysady taýdan gülläp ösmegine hyzmat edýän täze iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.