
2025-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýadaky Neşelere we jenaýatlara garşy göreş bölüminiň (UNODC) sebit wekili jenap Oliwer Stolpeniň duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar UNODC-iň goldawy bilen durmuşa geçirilýän ýolagçy we ýüklere gözegçilik maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenbaşy, Aşgabat we Farap gümrük nokatlaryda hereket edýän Port gözegçilik toparlarynyň işine, şeýle hem täze Port gözegçilik toparyny döretmek meselesine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşler gümrük edaralarynyň işini has hem kämilleşdirmek, sebit howpsuzlygyny güýçlendirmek hem-de transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly möhüm ugurlar boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Sebitleýin okuw merkezi tarapyndan resmi derejäniň alynmagy duşuşygyň aýratyn mowzugy boldy we şunuň bilen baglylykda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň meselelerine seredildi. Duşuşygy jemläp, taraplar howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.