Habar

2025-nji ýylyň 26–28-nji iýun aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen Bütindünýä gümrük guramasynyň 145–146-njy mejlisleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasynda Türkmenistanda Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu Ähtnama, sebitde gümrük işi boýunça hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslaryny özünde jemleýär. Merkez öz işini Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan ykrar edilen halkara ülňülerine laýyklykda alyp barar we ol diňe Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň däl, eýsem sebitiň beýleki ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň hünärmenleri üçin okuw çäreleriniň geçirilmegini üpjün eder.

     Ýurdumyzda Sebitleýin okuw merkeziniň döredilmegi halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki okuw maslahatlaryny, okuw sapaklaryny, türgenleşikleri we ylmy-barlag işlerini geçirmek, şonuň bilen birlikde türkmen gümrük işgärleriniň halkara tejribesi artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýlelikde, Türkmenistan sebitleýin derejede gümrük işgärlerini taýýarlamagyň ulgamyny döretmäge öz goşandyny goşýar hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň işjeň agzasy hökmünde ornuny pugtalandyrýar.