Häzirki wagtda «Sarahs», «Artyk», «Howdan» we «Altyn Asyr» gümrük nokatlaryndan ulaglaryň we ýükleriň geçirilmegi dowam edýär. Bu gümrük nokatlary ulag geçirijilik mümkinçiligine görä, doly kuwwatynda işleýär.
Şeýle hem, gümrük nokatlaryň çäklerinde ulaglaryň we ýükleriň çalt geçirilmegi hem-de nobatlaryň döremeginiň öňüni almak üçin işler ýokary derejede alnyp barylýar. Bu bolsa, ýurdumyzdan eksport edilýän ýa-da daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň öz wagtynda alyjylary gowuşmagynda örän ähmiýetli bolup burýar.
Türkmen-eýran serhedindäki gümrük nokatlary ýükleriň üstaşyr geçirilmeginde hem ähmiýetli uly hasaplanylýar. Häzirki wagtda bu gümrük nokatlaryň üsti bilen Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystan we başga-da birnäçe ýurtlara uly möçberde harytlar daşalýar.
Ýurdumyzyň ulag üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin döredilýän amatly şertleriň netijesinde, üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberleri ýylsaýyn artýar.