Habar

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň gümrük edaralarynyň başlyklarynyň orunbasarlary ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň barşynda, türkmen-özbek serhedinde ýerleşýän «Farap awtoýollary» hem-de «Alat» gümrük nokatlarynyň ulag geçirijilik mümkinçiliklerini doly kuwwatynda peýdalanmak bilen, üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberlerini artdyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda bu serhetýaka gözegçilik-geçiriş ýeri diňe bir Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky daşary söwdasy boýunça ýükler daşalman, eýsem «Gündogar-Günbatar» we beýleki halkara ulag geçelgeleriň ugry boýunça üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde ähmiýeti ýokary bolup durýar.

Bu gözegçilik-geçiriş ýeriniň türkmen tarapyndan ýerleşýän «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durkunyň düýpli täzelenmegi bilen, ulag geçirijilik kuwwaty 2 esse artdyryldy. Häzirki wagtda bu gümrük nokady bir günde 1 000 awtoulagy geçirmeklige mümkinçiligi bar.

Duşuşygyň netijesi boýunça, «Farap awtoýollary - Alat» gözegçilik-geçiriş ýerindäki gümrük nokatlarynyň işi bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, bu gümrük nokatlarynda bilelikde iş duşuşyklarynyň geçirilmegi barada pikir alyşdylar.