2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Çäre iki edaranyň arasynda işgärleri taýýarlamak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guraldy.
«Üstaşyryň mümkinçiliklerini ösdürmekde ykdysady gümrük düzgünleriniň ähmiýeti» mowzugyna bagyşlanan duşuşygyň dowamynda taraplar bu ugurda toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar. Esasy üns ykdysady gümrük düzgünleriniň halkara söwdany ýeňilleşdirmekde, harytlaryň serhetlerden geçirilmegini çaltlandyrmakda we ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda ähmiýetine gönükdirildi.
Şeýle tejribe alyşmalar iki ýurduň gümrük edaralarynyň hünär hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmäge we sebitde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.