Habar

2026-njy ýylyň 8-21-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti hytaý tarapynyň teklibi boýunça Urumçi şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleri üçin deňiz portlarynda gümrük resmileşdiriliş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça iki hepdelik okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Wekiliýetiniň düzüminde çärä Aşgabat şäher we Balkan welaýat gümrükhanalarynyň çägindäki gury we deňiz port gümrük nokatlarynyň işgärleri gatnaşdy.

Okuwyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar deňiz portlarynda gümrük resmileşdirilişi çaltlandyrmagyň amaly algoritmlerini, galtaşyksyz barlag ulgamlarynyň işini, elektron enjamlary awtomatlaşdyrylan tertipde işlemegi hem-de serhetlerde konteýnerleri çalt resmileşdirmäge niýetlenen «Smart Railway Port» ulgamynyň işini jikme-jik öwrendiler. Şeýle hem, gümrük  töwekgelçilikleri dolandyrmagyň akylly ulgamlaryny ulanmaga aýratyn üns berildi.

Hytaýyň gümrük taýdan resmileşdirme işleri boýunça öňdebaryjy tejribesiniň özleşdirilmegi Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky gümrük nokatlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere ýardam eder.