Habar

2025-nji ýylyň 10-19-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň binasynda gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi.

Bu çäre hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda tassyklanan «Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022–2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde geçirildi. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkleşdirilýär, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy hem-de halkara ölçeglere laýyklykda gözegçilik usullarynyň kämilleşdirilmegi boýunça işler alnyp barylýar.

Okuw maslahatyna BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) halkara hünärmenleri — Moldowa Respublikasynyň raýatlary Grigore Waranita we Dorin Purise gatnaşdylar. Olar 2005-nji ýyldan bäri ýurtlarynda üstünlikli ornaşdyrylan «ASYCUDA» awtomatlaşdyrylan gümrük ulgamynyň iş tejribesine eýedirler.

Maslahatda töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň häzirki zaman çemeleşmeleri, maglumatlaryň seljermesi arkaly gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de sanly ulgamlaryň gümrük işinde netijeli ulanylyşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

19-njy iýunda okuw tamamlandy we jemleýji synag geçirildi. Okuwy geçen gümrük işgärleri ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler.

Bu çäre ýurdumyzyň gümrük işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagyna hem-de gümrük ulgamynda sanly çözgütleriň ösdürilmegine ýardam berýän möhüm ädim boldy.